- ganat
- [ga:nat]1) Guşlaryň we käbir mör-möjekleriň iki gapdalyndaky uçmak üçin hyzmat edýän organy.∙ Ýok, Juma jijim, men urdum, onuň ganatyny çym-pytrak etdim. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)∙ Aty baryň ganaty bar. (Nakyl)∙ Guş ganatyndan kireý islemez. (Nakyl)2) Samolýotyň galyş güýjüni döredýän iki ýana uzalyp gidýän bölegi.∙ Söýgüli Watany goramak üçin, Asmanda ganatyn gerýär samolýot. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)∙ Samolýotyň ganaty.3) Jaýyň bir tarapyna uzalyp giden bölegi, galanyň, haýatyň bir tarapky diwary.∙ Köne galanyň bir ganaty we saňňyldap duran bir burçy köçäniň üstüne abanyp durýardy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)∙ Ol hökümet jaýynyň çep ganatynda ýerleşýärdi. («Mydam Taýýar» gazeti)◊ ganat baglamak1) Ganat çykaryp ugramak, uçmaga ýetişmek, uçurym bolmak.2) Gaty begenmek, şatlykdan uçaýjak bolmak, ýeňil gopmak.∙ Aýsoltanyň göwni ganat baglap, ylla nirädir uçýan ýaly duýuldy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)◊ ganat germek — Örän yhlasly, mähirli gorap saklamak.◊ ganat kakmak — Bir zada höwes etmek, bir işe ýürek bilen ýapyşmak, perwaz urmak.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.